Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýewropa gaz ibermekde Türkmenistanyň garaýşy üýtgewsizdir

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýewropa gaz ibermekde Türkmenistanyň garaýşy üýtgewsizdir
Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygy, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabry, Berlin, Germaniýa (Surat: Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda Türkmenistanyň Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklaýandygyny mälim etdi.

Degişli komitetiň we “Claas” kompaniýasynyň ýolbaşçylar geňeşiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklygynda geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny bellemek isleýärin” diýip, belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär we munuň özi türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berýär.

“Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyrys” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Berlin şäherinde iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa + Germaniýa" görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna hem gatnaşdy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

2022