Türkmenistan Germaniýanyň kompaniýalaryna elektroenergiýa pudagynda hyzmatdaşlygy hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Germaniýanyň kompaniýalaryna elektroenergiýa pudagynda hyzmatdaşlygy hödürleýär
Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygy, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabry, Berlin, Germaniýa (Surat: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda germaniýaly işewürlere elektrik we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda bilelikde işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Degişli komitetiň we “Claas” kompaniýasynyň ýolbaşçylar geňeşiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklygynda geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. 

“Pursatdan peýdalanyp, şeýle hem germaniýaly işewürlere elektroenergetika pudagynda işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etmek isleýärin. Elektrik stansiýalaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlary ösdürmek we beýleki taslamalar bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň ugurlary bolup biler” diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly möhüm ugruň ösdürilmegine uly üns berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Biz “ýaşyl” energiýanyň geljegiň energiýasy boljagyna düşünmek bilen häzirki wagtda milli derejede gün we ýel energiýasy ulgamynda taslamalaryň ilerledilmegine gönükdirilen çäreleriň birnäçesini geçirýäris” diýip belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklarynda ugurdaş gazy gaýtadan işlemek meselelerinde daşary ýurt kompaniýalary we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin aýratyn möhüm ugurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň kompaniýalarynyň toplan bilimleriniň hem-de iň gowy iş tejribeleriniň ýokarda görkezilen ugurlarda Türkmenistanda uly islege eýe boljakdygyna ynanýandygyny belledi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklaýandygyny mälim etdi.

Berlin şäherinde iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Merkezi Aziýa + Germaniýa" görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna hem gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022