Gurbanguly Berdimuhamedow german işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow german işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy
"DB SCHENKER'' kompaniýasynyň logistika merkezi, Augsburg, Gemraniýa (Surat: ''DB SCHENKER'')

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda german işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Degişli komitetiň we “Claas” kompaniýasynyň ýolbaşçylar geňeşiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklygynda geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

“Ençeme ýyllaryň dowamynda biz Germaniýanyň kompaniýalary bilen üstünlikli işledik. Olar ykjam aragatnaşyk, hemra ulgamlarynyň torunyň hyzmatlaryny giňeltmek, deňiz ulagyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar” diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň german kompaniýalary bilen demir ýol ulagyny ösdürmek, gämigurluşyk enjamlary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, telekommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meselelerini anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri german kompaniýalaryny Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara hem gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berlinde geçirilen duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklamak bilen, germaniýaly işewürlere elektrik we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudaklarynda bilelikde işlemek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

 Berlin şäherinde iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Merkezi Aziýa + Germaniýa” görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna hem gatnaşdy.

2022