Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Kanslerini Türkmenistana resmi sapara çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň Kanslerini Türkmenistana resmi sapara çagyrdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabry, Berlin (Surat: “Euronews”)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Berlinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen geçiren duşuşygynda Germaniýanyň Federal Kanslerini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols çakylygy hoşallyk bilen kabul etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa amala aşyran iş saparynyň çäginde geçirilen duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bank ulgamy, himiýa we dokma senagaty, saglygy goraýyş, ulag, “ýaşyl” tehnologiýalar, suw hojalygy, sanlylaşdyrmak we konsalting ulgamlary görkezildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda geçirilen duşuşyga we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň arasynda geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşdy we Germaniýanyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022