Türkmenistan Germaniýa ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyny düzmegi teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Germaniýa ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyny düzmegi teklip etdi
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän pursady

Türkmenistan Germaniýa ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi anna güni Berlinde Germaniýnyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, meýilnamanyň işlenip taýýarlanylmagyna iki ýurduň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda energetika pudagy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezilip, bu ugurda Germaniýanyň kompaniýalaryna Türkmenistanyň nebitgaz hem-de gazhimiýa toplumlarynyň täze desgalaryny gurmak we häzirki wagtda hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak, Hazar deňziniň ýalpaklygynda nebitgaz serişdelerini özleşdirmek, Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamalara gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda wodorod energetikasy hem-de metanyň zyňyndylaryny azaltmak ulgamlarynda bilelikde tagalla etmegiň uly mümkinçiliginiň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ekologiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň diňe bir “ýaşyl” tehnologiýalary satyn almaga gyzyklanma bildirmek bilen çäklenmän, eýsem, suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, önümçiliklerde uglerodyň zyňyndylaryny hasaba almagyň, olary azaltmak boýunça çäreleri kabul etmegiň usulyýeti meselelerinde german tejribesini öwrenmäge hem gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy german bilermenlerini Türkmenistanyň “Parnik gazlaryny tükelleýiş ulgamy”, şeýle hem “CO2-niň zyňyndylaryna gözegçilik etmek, anyklamak we baha bermek” ýaly milli strategiýalary işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda geçirilen duşuşyga we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýet Baştutanlary bilen Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsyň arasynda geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşdy we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

2022