Türkmenistanda hususy notariuslaryň ilkinjileri işläp başlady. Bu notariuslar paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň 85-nji jaýynda, Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň binasynda ýerleşýärler. Bu barada “Biznes Türkmenistan” neşiriniň hukuk bölümi habar berdi.
Hususy notariuslar tarapyndan edara jaýyndan daşarda, dynç we baýramçylyk günlerinde hem notarial hereketler we notarial hereketler bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berilmegi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanmagy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilmegi hem ýola goýuldy.
“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Oňa görä, notarial işini döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusyndan başga-da ygtyýarnama esasynda hususy notarius hem amala aşyryp biler.
Tertipnama görä, soňky 3 ýylyň dowamynda notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketlerinden ugur alyp, aýlyk 300 – 400 notarial hereketi üçin bir hususy notariusyň wezipesi, Aşgabat, Arkadag şäherleri we welaýat merkezlerindäki şäherler boýunça 30 müň adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi, etrap hukukly şäherler boýunça 25 müň adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi, şeýle hem etraplar boýunça 20 müň adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi kesgitlenilýär.
Mundan başga-da, döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerleriň araçägi boýunça bir hususy notarius hereket edip biler.
Hususy notariuslar tarapyndan amala aşyrylan notarial hereketler üçin, notarial hereketleri bilen bagly hukuk maslahatlarynyň berlendigi, resminamalardan göçürmeleriň taýýarlanandygy, beýleki hukuk we tehniki hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler alynýar. Alnan töleg her bir notarial taýdan tassyklanan resminamada görkezilýär.