Türkmenistan Yraga tebigy gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Yraga tebigy gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekdi
Yragyň elektrik stansiýalaryna türkmen tebigy gazyny ibermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy, 2023-nji ýylyň 6-njy oktýabry, Bagdad, Yrak, (Surat: INA agentligi)

Türkmenistan we Yrak anna güni Yragyň elektrik stansiýalaryna tebigy gaz ibermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Yragyň elektrik energiýa ministrligine salgylanyp, INA agentligi habar berdi.

Yragyň elektrik energiýa ministrliginiň beren habaryna görä, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Yragyň elektrik energiýa ministri Ziad Ali Fadeliň arasynda ministrligiň Bagdad şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen duşuşygyň netijesi boýunça elektrik stansiýalarynyň we elektrik ulgamynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen gaz üpjünçiligi barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem şol gün Maksat Babaýew Yragyň energetika meseleleri boýunça Premýer-ministriniň orunbasary, nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen duşuşdy. Yragyň nebit ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda nebit we energetika pudaklarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Haýan Abdul Gani Yragyň Hökümetiniň we ministrligiň Türkmenistan bilen nebit we energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändigini aýtdy. Şeýle hem Yragyň energetika meseleleri boýunça Premýer-ministriniň orunbasary, nebit ministri Haýan Abdul Gani ýurduň elektrik stansiýalary üçin gaz üpjünçiligi pudagynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin uly ädim bolup durýandygyny nygtady.

Maksat Babaýew öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirdi we Yraga gaz ibermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň başlangyjydygyny aýtdy.

“Türkmenistan bilen bu Ähtnama we Ylalaşyga gol çekilmegi nebit we elektrik energiýa ministrlikleriniň bilelikdäki ministrlik toparynyň geçen döwürde, şol sanda awgust aýynda Türkmenistana eden sapary wagtynda geçiren ýokary derejeli gepleşikleriniň hem-de duşuşyklarynyň netijesi bolup durýar” diýip, Yragyň nebit ministriniň orunbasary Izzat Saber belledi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri hem-de Yragyň wekiliýetiniň agzalary şu ýylyň awgust aýynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda Türkmenistandan Yraga tebigy gaz ibermek boýunça deslapky ylalaşyga gol çekdiler.

2022