Türkmenistan bilen Yrak gaz üpjünçiligi boýunça deslapky ylalaşyga gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Yrak gaz üpjünçiligi boýunça deslapky ylalaşyga gol çekdi
“Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri bilen Yragyň wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 24-nji awgust, Aşgabat (Surat: alnaeem-news.iq)

“Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri hem-de Yragyň wekiliýetiniň agzalary penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşykda Türkmenistandan Yraga tebigy gaz ibermek boýunça deslapky ylalaşyga gol çekdiler diýip, Türkmenistanda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Yragyň nebit we gaz ministriniň orunbasary Azat Saber habar berdi.

“Shafaq” agentliginiň habar bermegine görä, Azat Saber Yragyň hökümetiniň dostlukly ýurtlar bilen, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini nygtady.

Şeýle hem Yragyň nebit we gaz ministriniň orunbasary häzirki wagtda şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýän özara düşünişmek boýunça Ähtnamany taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu Ähtnamanyň çäginde Yraga iberilmeli göz öňünde tutulýan türkmen tebigy gazynyň mukdary we Yrak bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň tertibi kesgitlener.

Azat Saberiň aýtmagyna görä, bu ylalaşyk Yraga gaz öndüriji ýurtlar, esasan hem sebitde we halkara derejede öňdebaryjy gaz öndürijileriň biri bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmäge ýardam berer.

Yragyň elektrik energiýa ministrligi ozal Türkmenistandan we Katardan gaz import etmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komitetiň döredilendigini mälim etdi.

Yragyň import edýän tebigy gazy ýurduň merkezinde we günortasynda ýerleşýän we her gün jemi 7000 megawat elektrik energiýasyny öndürýän elektrik stansiýalarynda ulanylýar.

2022