CNPC kompaniýasy Hytaý – Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly bu sebitden Hytaýa tebigy gazyň iberilişini artdyrmagy meýilleşdirýär. “China Daily” neşiriniň sişenbe güni habar bermegine görä, häzirki wagtda Hytaý – Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň 4-nji ýa-da D şahasynyň gurluşygy işjeň ilerledilýär.
Kompaniýa Hytaý – Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinden geçjek D şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak baradaky meýilleriniň bardygyny we eýýäm bar bolan üç şaha boýunça bilelikde hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny nygtady. D şahanyň taslama kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy ibermekden ybaratdyr.
Habarda bellenilşine görä, gaz geçirijiniň A, B we C şahalary Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinden geçip, olaryň taslama kuwwatlylygy ýylda 55 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge ukyplydyr.
CNPC-niň maglumatlaryna görä, Hytaý – Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly geçen ýyl 42 milliard kub metr tebigy gaz iberildi. Bu babatdaky gündelik görkeziji ortaça 100 million kub metre deňdir.
Hytaý – Merkezi Aziýa gaz geçirijisi açylan gününden, ýagny 2009-njy ýyldan 2022-nji ýylyň ahyryna çenli döwürde gaz geçiriji arkaly tebigy gazyň 423 milliard kub metri iberilip, ol Hytaýyň 500 million ilatdan gowrak 27 sebitini we Gonkong ýörite dolandyryş çägini ýangyç bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistandan Hytaýa uzaýan gaz geçirijiniň D şahasyny gurmaklyk 2022-nji ýylyň fewral aýynda ylalaşyldy. Türkmenistan – Özbegistan – Täjigistan – Gyrgyzystan – Hytaý ugry boýunça geçjek gaz geçiriji arkaly Türkmenistanda ýerleşýän dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 2-nji tapgyrynyň çäklerinde ýylda goşmaça 25 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport etmek göz öňünde tutulýar.