Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin bilen Pekinde duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar.
“Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan- Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý we hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy” diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly Hytaýa ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, Hytaýa ugradylmagy meýilleşdirilýän türkmen tebigy gazynyň mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtap, Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň seljerilmelidigini aýtdy. Bu dördünji (D) şaha boýunça Hytaýa tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi.
Şeýle-de Milli Liderimiz iki ýurduň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhanalaryň, kompressor stansiýalarynyň, “Galkynyş” gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen çägine çenli gaz geçirijini gurmak meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirjekdiklerine ynam bildirdi.
Dördünji şaha boýunça tebigy gazyň nyrh meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegiň zerurlygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele boýunça alnyp baryljak bilelikdäki işleriň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleriniň turba geçiriji boýunça geçýän harytlyk gazyň bahasyny kesgitlemekde dünýä tejribesinden ugur aljakdyklaryna bil baglaýandygyny belledi.
Türkmen tarapy ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanylandan soňra, hytaý kompaniýasynyň “Galkynyş” gaz käniniň ikinji tapgyryny Hytaýyň göni maýa goýum serişdeleriniň hasabyna işläp taýýarlamaga gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem möhüm üns berildi.
Gepleşikleriň dowamynda Si Szinpin Hytaýyň Türkmenistan bilen tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek we ony täze derejä çykarmak üçin işlemäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” agentligi habar berdi.
Milli Liderimiz Hytaýyň Baştutanyny özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar etmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň berk binýadyna esaslanýan netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmen Lideri Hytaýa Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin geldi.