Gazagystanly telekeçiler sapar bilen Türkmenistana gelerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanly telekeçiler sapar bilen Türkmenistana gelerler
Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynda Gazagystanyň wekilleri bilen türkmen işewürleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň oktýabr aýy, Aşgabat, Türkmenistan

“Astana” Diplomatik gurnagynyň maksatnamasynyň çäklerinde  gazagystanly telekeçiler Türkmenistana işewürlik saparyny amala aşyrarlar.

Diplomatik gurnagyň mälim etmegine görä, şu ýylyň 28-nji noýabry – 2-nji dekabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän saparyň çäklerinde, gazak işewürleri Lebap, Mary, Balkan welaýatyna baryp görerler we Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşyklary geçirerler.

Saparyň çäklerinde wekiliýet düzümi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna, ýurduň ýörite ykdysady zolaklaryna, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görerler.

Oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen we gazak işewürleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň jemleri boýunça, taraplaryň arasynda umumy bahasy 3 million ABŞ dollary bolan deslapky şertnamalar baglaşyldy.

2022