“Ussat Inžener” gurluşyk tehnikalarynyň, enjamlarynyň giň gerimli satuwyny yglan edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ussat Inžener” gurluşyk tehnikalarynyň, enjamlarynyň giň gerimli satuwyny yglan edýär
Raýatyň "Ussat Inžener" kompaniýasynyň web sahypasyny ulanýan pursady

“Ussat Inžener” kompaniýasy işewürlere özleriniň serişde kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýän gurluşyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň giň gerimli satuwyny yglan edýär.

Kompaniýa ekskwatorlar, ýük ýükleýjiler, buldozerler, kranlar we başga-da köp sanly ygtybarly tehnikalaryň giň görnüşlerini hödürleýär. “Ussat Inžener” her bir tehnikanyň taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirmekde eýeleýän ornuna gowy düşünmek bilen, munuň üçin degişli tehnikanyň saýlanylyp alynmagyna aýratyn üns berýär.

“Ussat Inžener” kompaniýasy tehnikalaryň dürli görnüşlerini, şeýle hem gurluşyk enjamlarynyň giden toplumyny, şol sanda gurallary, merdiwanlary, santehniki we elektrik enjamlary müşderilere hödürleýär. Elýeterli harytlar we olaryň tehniki häsiýetnamalary baradaky doly maglumatlary “Ussat Inženeriň” resmi web-saýtynyň üsti bilen hem tanyşmak bolýar. Kompaniýa döwrüň synagyndan geçen önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edip, her bir önümiň ýokary hiline we ygtybarlylygyna aýratyn üns berýär.

“Ussat Inženeriň” işine ussat hünärmenleri müşderileriň soraglaryna jogap we önümler barada giňişleýin maglumatlary bermek bilen olara ýakyndan ýardam bermäge hemişe taýýardyr. Kompaniýa duşenbe – anna günleri 08:00-dan 18:00-a çenli, şenbe güni bolsa 08:00-dan 13:00-a çenli müşderilere hyzmatlaryny hödürleýär.

“Ussat Inžener” kompaniýasy Aşgabat şäheriniň G.Kuliýew köçesiniň 41-nji jaýynda ýerleşýär.

“Ussat Inžener” kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin:

Telefon belgileri:

+993 12 754802

+993 64 772777

Web saýtyangar.com.tm

2022