Günorta Koreýanyň "Rovigos Inc" logistika kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmak isleýär. Bu barada çarşenbe güni Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Ýaş telekeçileriniň forumynyň çäklerinde kompaniýanyň Baş direktory Taeong Kim "Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren interwýusynda mälim etdi.
Şeýle hem, kompaniýanyň Baş direktory Taeong Kim Türkmenistanda öz işewürligini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini, satuwa öňünden baha bermekde we çykdajylary öňürti hasaplamakda emeli aň boýunça tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini peýdalanýan belli logistika meýdançasy hökmünde "Rovigos" kompaniýasynyň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda bar bolan mümkinçilikleri öwrenmäge taýýardyrdygyny aýtdy.
Taeong Kim "Rovigos-yň" satuwa baha bermekde we ony emele getirmekde bar bolan ýörelgeleri yzarlamaga mümkinçilik berýän emeli aňyň esasynda seljerme işleri utgaşan, öňdebaryjy çözgütleri hödürleýän kompaniýa bolup durýandygyna ünsi çekdi. Ol şeýle hem, kompaniýanyň konteýner ýükleriniň niredeligini anyk bilmäge, logistikany netijeli dolandyrmaga şert döredýän hemra aragatnaşygy pudagyndaky tejribesi barada hem durup geçdi.
"Rovigos" işewürlikde maglumatlary seljermäge ýöriteleşen bulut görnüşli emeli aň tehnologiýalary ulanmakda öňdebaryjy startapdyr. Kompaniýa emeli aňyň esasynda işleri utgaşdyrmaga, önümçiligi ýokarlandyrmaga we müşderilere netijeleri çykarmaga mümkinçilik berýän indiwidual çözgütleri hödürleýär.