“TM-CELL” ulanyjylara wirtual telefon belgileri hödürledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“TM-CELL” ulanyjylara wirtual telefon belgileri hödürledi
“Türkmentel-2022” atly XV halkara sergisi, 2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmen paýtagtynda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ulanyjylara täze hyzmaty – wirtual telefon belgileri hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Wirtual telefon belgisi – bu ykjam telefona fiziki taýdan ýa-da SIM-kart arkaly baglaşmaýan innowasion belgidir. Onuň peýdalanylmagy üçin degişli tehnologiýany goldaýan ýörite çipiň ýa-da modulyň bolmagy zerurdyr.

Wirtual telefon belgileri QR-kod arkaly skanirlemek, internete birikdirmek we täze nomeri smartfonyň gurluş düzüminde işe girizmek arkaly aktiwleşdirilýär. Ýöne wirtual belgini diňe bir enjamda aktiwleşdirip bolýar. Bu görnüşli nomeri başga bir enjamda soň işjeňleşdirip bolmaýar. Aktiwleşdirmek işini bir minudyň dowamynda ýerine ýetirip bolýar.

Wirtual telefon belgileriň ulanylmagy puly tygşytlamak we goraglylyk ýaly birnäçe bähbitli aýratynlyklary özünde jemleýär. Wirtual belgiler fiziki SIM kartlardan arzan bolup, oňa aýlyk ulanyjy tölegi zerur däl. Mundan daşary, ol ulanyjynyň anonimligini özünde saklap, her bir enjamda çalşyp ulanmaga ýol bermeýär.

2022