Ýanwar-oktýabr: "Türkmenhowaýollary" agentliginde hyzmatlaryň ösüş depgini 209,2% boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: "Türkmenhowaýollary" agentliginde hyzmatlaryň ösüş depgini 209,2% boldy
"Türkmenhowaýollary" agentliginiň uçarynyň Aşgabat halkara howa menzilinden uçup başlan pursady, Aşgabat, Türkmenistan

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 209,2 göterime barabar boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim edilýär. 

Baş direktor özüniň hasabatynda degişli döwürde “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgininiň 108,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 118,9 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,1 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça hem 111,5 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem, şu ýylyň ilkinji 10 aýynda Ulag we kommunikasiýalar toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 122,7 göterime deň boldy. Şeýle hem dürli görnüşli ulag serişdelerinde ýük daşamagyň ösüş depgini 106,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,2 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli edara-kärhanalaryň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz meseleleri maslahatlaşyldy.

2022