Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy geçiriler
Aşgabat, Türkmenistan.

Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy geçiriler. Bu barada söwda toplumy we dokma senagaty boýunça wise-premýer Batyr Atdaýew Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimmuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, şol günlerde şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisi geçiriler. 

Geçiriljek çärelere nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, oba hojalyk we azyk önümçiliginde, gurluşykda we gurluşyk harytlarynda, derman senagatynda, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işleýän kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar diýip, Batyr Atdaýew belledi. 

Şeýle hem forumyň çäklerinde azerbaýjan kompaniýalarynyň, türkmen işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Forumyň jemleri boýunça degişli resminamalaryň gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. 

Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň 28-30-njy noýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen “Agro-Pak Türkmenistan-2023” atly halkara sergä taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde öňde boljak çärelere mynasyp derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hökümet mejlisinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de beýleki käbir meselelere garaldy.

2022