SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy
Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew SOCAR kompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasyny açýarlar, 28-nji noýabr, (Surat: Mikail Jabbarowyň “X” sahypasy)

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) sişenbe güni Aşgabatda öz wekilhanasyny açdy. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow özüniň sosial ulgamynda habar berdi.

Açylyş dabarasyna SOCAR kopaniýasynyň Prezidenti Rowşan Najaf, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew gatnaşdylar.

“Türkmenistana iş saparymyzyň çäklerinde biz SOCAR-yň Prezidenti Rowşan Najaf bilen kompaniýanyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Bu Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga uly ynam bildirýändigimiziň, energetika pudagynda iki ýurt üçin-de özara bähbitleriň gazanylmagyna garaşylýandygynyň alamatydyr” diýip, Mikail Jabbarow belledi.

SOCAR kompaniýasy içerki we daşarky bazar üçin nebiti hem-de gazy gazyp almak, daşamak, gaýtadan işlemek, şeýle hem Azerbaýjanyň senagat toplumlaryny we ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmek bilen meşgullanýar.

Mikail Çingiz ogly Jabbarow sişenbe güni Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen gelipdi.

2022