Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda iki döwletiň degişli edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen tagallalarynyň netijesinde, soňky iki ýylyň dowamynda özara ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýe bolýandygyna kanagatlanma bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
“17-18-nji noýabrda gözel Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň hem-de “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen serginiň üstünlikli geçirilmeginden diýseň kanagatlanýandygymy beýan etmek isleýärin” diýip, Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ugradan hatynda aýdylýar.
Şeýle hem Prezident Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidentine ugradan hatynda Hökümetara toparyň mejlisiniň ahyrynda degişli Teswirnama we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça beýleki resminamalaryň birnäçesine gol çekilmeginiň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ähli ugurlardaky özara gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezýändigini belledi.
Eýranyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisi şu ýylyň 17-19-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirildi.