Aşgabatda Eýranyň önümleriniň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

Aşgabatda Eýranyň önümleriniň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” ýöriteleşdirilen sergisi, 2023-nji ýylyň 17-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Anna güni Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Iran Prože” ady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen serginiň açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Türkmenistanyň döwlet Baştutany özüniň gutlag hatynda sergä we Türkmen-eýran işewürlik forumyna gatnaşyjylary özara söwdany artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga we geljegi uly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy. 

Üç günläp dowam edýän çärä gurluşyk serişdeleri, tehniki, inžener hyzmatlar, gidroenergetika, energetika, nebitgaz we nebit-himiýa, bilim hem-de söwda ugurlarynda iş alyp barýan eýran kompaniýalarynyň 100-e golaýy gatnaşýar. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sişenbe güni habar bermegine görä, çäräniň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň we Eýran tarapynyň işewürleriniň birnäçe resminamalara gol çekmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022