Türkmen wekiliýeti Brýusselde ulag ulgamy boýunça maýa goýum forumyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Brýusselde ulag ulgamy boýunça maýa goýum forumyna gatnaşar
Ýewropa Bileleşiginiň merkezi edara binasy, Brýussel, Belgiýa. (Surat: Euronews)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň paýtagtynda ulag ulgamynda maýa goýum forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini we bu foruma türkmen tarapynyň hem gatnaşmaga çagyrylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer bu çäre gatnaşmak üçin Brýussele türkmen wekiliýetini ibermegi teklip etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň esasynda geljek ýylyň ikinji çärýeginde ulag ulgamynda bilermenleriň duşuşygyny geçirmek teklibini beýan etdi.

Mejlisiň dowamynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzüm birlikleri bilen duşuşygy guramak boýunça işleri geçirmek baradaky teklip beýan edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şu ýylyň 18-19-njy dekabrynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Adam hukuklary boýunça “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň 15-nji duşuşygyna hem-de “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki toparyň 22-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetini ibermegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine iki tarap üçin hem bähbitli bu işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022