Türkmenistanyň Mejlisi energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Kanunyň taslamasyny taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Mejlisi energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Kanunyň taslamasyny taýýarlaýar
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hünärmenleri alnyp barylýan işe gözegçilik edýärler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny kemala getirmäge, pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Hasabata görä, Türkmenistanyň Mejlisi Raýat kodeksiniň täze beýanyny, hem-de “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny hem taýýarlaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu kanunlaryň döwletiň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidigini, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we beýleki meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022