Ýanwar-noýabr: Hytaý $8,82 milliardlyk türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr: Hytaý $8,82 milliardlyk türkmen gazyny import etdi
“Sinopec” kärhanasynyň şahamçaşynyň hünärmenleri Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynda tebigy gaz öndürmek we işlemek enjamlaryny howpsuzlyk barlagyndan geçirýärler, 2021-nji ýylyň 28-nji marty. (Surat: China Daily)

Hytaý şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda umumy bahasy 8,82 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistandan soň Russiýa, Mýanma we Gazagystan Hytaýa gaz eksport edýärler.

Hytaý şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda umumy bahasy 6,63 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi. 

Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär. Onuň üsti bilen ugradylýan gazyň köp bölegi Türkmenistandan we galan bölegi Gazagystandan hem-de Özbegistandan alynýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022