“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylda uçuş ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylda uçuş ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Boeing-777-300ER” kysymly uçary, 2023-nji ýylyň 4-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde üç sany täze ugry goşmak we uçuşlary gaýtadan dikeltmek arkaly uçuş ulgamyny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Dünýädäki awiakompaniýalaryň meýilnamalarynyň we torlarynyň gündelik üýtgeşmelerini täzelemäge ýöriteleşýän “AeroRoutes” portalynyň sişenbe güni habar bermegine görä, täze ugurlar Aşgabat – Abu-Dabi (BAE), Aşgabat – Hoşimin (Wýetnam) we Aşgabat – Milan (Italiýa) ugurlaryny öz içine alýar.

2024-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi ugry boýunça (gaýtadan dikeldilen uçuş) uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylar. Aşgabat – Hoşimin ugry boýunça uçuşlar indiki ýylyň 5-nji martyndan hepdede iki gezek, Aşgabat – Milan/Malpensa ugry boýunça bolsa 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan hepdede bir gezek ýerine ýetiriler.

Ýakynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa/Domodedowo ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi. Ilkinji uçuş 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň ortasynda amala aşyryldy we 2024-nji ýylyň fewral aýyna çenli uçuşlaryň sanyny hepdede 10-a ýetirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de şu ýylyň dekabr aýynyň başynda “Türkmenhowaýollary” agentligine gelip gowşan “Boeing-777-300ER” kysymly uçar 22-nji ýylyň dekabryndan Aşgabat-Bankok ugry boýunça yzygiderli gatnawlary amala aşyryp başlady.

2022