Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow sişenbe güni Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Terehow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Belarusyň “BELTA” agentligi ýurduň hökümetiniň resmi metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Duşuşykda üstaşyr ýük daşamalaryny guramak we dolandyrmak boýunça amaly tejribe alyşmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar oba hojalygy, ekologiýa we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garadylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär. Soňky ýyllarda özara söwdanyň möçberi durnukly ösüş ýagdaýynda bolup, bu iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmaga, harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasyny has-da giňeltmäge täze mümkinçilikler döredýär.
Türkmenistan we Belarus ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki möhüm meseleleri öz wagtynda ara alyp maslahatlaşmak, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ösdürmek boýunça ylalaşyklary gazanmak hem-de olary durmuşa geçirmek üçin amaly çäreleri kesgitlemek maksady bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmaga gyzyklanma bildirýärler.
















