2023-nji ýyl: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçer

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023-nji ýyl: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçer
Türkmenistanyň ýük ulaglary awtoulag ýolundan barýarlar, Türkmenistan.

2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1 milliard ABŞ dollaryndan geçer. Bu görkeziji türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde mälim edildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň penşenbe güni habar bermegine görä, söhbetdeşler ýurtlaryň paýtagt şäherleri – Daşkentde we Aşgabatda söwda öýleriniň açylandygyny we “Şawat – Daşoguz” serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça bilelikde işleriň alnyp barylýandygyny hem bellediler.

Söhbetdeşligiň çäklerinde özbek-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we çuň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, parlamentara dialogyň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna hem garaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag pudaklaryndaky iki ýurduň iri kärhanalarynyň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşip, sebitara gatnaşyklary giňeldilýär. Geçen ýylda Hökümetara toparynyň we Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisleri üstünlikli geçirildi.

Şeýle hem Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça hem özara pikir alşyldy we 2024-nji ýylda geçiriljek özara duşuşyklaryň tertibine hem garaldy.

Geçen ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 970,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022