Ýanwar-noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $970,1 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $970,1 milliona deň boldy
Ýük awtoulagy "Termez" ýük merkezinden çykyp barýar, Surhandarýa welaýaty, Özbegistan. (Surat: AFP)

Şu ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 970,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň çarşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 809,6 million ABŞ dollarlyk önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 160,5 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň 11 aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 57,3 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,9 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 26,2 göterim ýokarlandy.

2023-nji ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 939,1 million ABŞ dollaryna barabar boldy. 

2022