Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen "Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdallanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwar, Dubaý, BAE.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Dubaý şäherinde “Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşdy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi anna güni habar berdi.

Hamad Obaýdalla hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurduň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Şeýle hem “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň köpüsiniň Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde Aşgabat – Dubaý – Aşgabat ugry boýunça gatnawlar ýola goýuldy. Şeýle hem Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy anna güni amala aşyryldy.

“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de “Flydubai-yň” okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbiti hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususanda, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

2022