Aşgabatda “Dragon Oil” kompaniýasynyň täze edarasy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Dragon Oil” kompaniýasynyň täze edarasy açyldy
“Dragon Oil” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki täze edarasynyň açylyş dabarasy, 2023-nji ýylyň 25-nji dekabry, Türkmenistan. (Surat: BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Nebit kompaniýasy bolan “Dragon Oil” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde özüniň täze edarasyny açdy. Bu barada Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan kompaniýanyň täze edarasynyň açylyşyna gatnaşmak üçin ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, täze edaranyň açylyş bagyny kesdiler.

Türkmenistan bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. BAE-niň kompaniýasy önümleri bölüşmek Ylalaşygy esasynda 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Kompaniýanyň işiniň esasy ugry “Jygalybeg” we “Jeýtun” nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod öndürmek bolup durýar. “Dragon Oil” kompaniýasy bu taslama 8 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy.

Mundan başga-da, "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda önümleri bölüşmek Ylalaşygyny 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada şertnama baglaşyldy.

“Dragon Oil” Türkmenistanda iş alyp baran döwründe deňizde ýerleşýän ekspluatasiýa we merkezi platformanyň gurluşygyny amala aşyrdy, bar bolan guýulary düýpli abatlady, şeýle hem nebit ýataklaryny özleşdirmek ulgamynyň ähli böleklerini täzeden dikeltdi we döwrebaplaşdyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022