Türkmenistan we Türkiýe şäherleriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Türkiýe şäherleriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Türkiýdäki Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawut Güliň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwary, Stambul, Türkiýe.

Türkiýäniň Stambul şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawut Güliň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmaga, şol sanda Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsullygynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem türkmen diplomaty Türkmenistanda doganlyk halklary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ilerletmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady, hem-de Stambulyň Gubernatoryny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitaby bilen tanyşdyrdy.

Mundan başga-da, duşuşykda Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy babatda hem pikir alyşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022