Türkmen-eýran döwlet serhetlerinde ýerleşýän “Artyk-Lotfabad” awtoýol gözegçilik-geçiriş nokadynda 2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda geçirilen duşuşykda sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri Agöýli Nyýazow, Eýranyň wekiliýetine bolsa “Lotfabad” gümrük nokadynyň başlygy Korban Karimi ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşyga Türkmenistanyň gümrük, migrasiýa, serhet gulluklarynyň, “Türkmenawtoulaglary” we “Türkmendemirýollary” agentlikleriniň wekilleri, “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň direktory şeýle hem Türkmenistanyň Eýrandaky (Maşat şäheri) Baş konsuly we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.
Taraplar “Artyk-Lotfabad” awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meselelere garadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu gümrük nokatlarynda işleýän edaralaryň wekilleriniň iş wagtyny uzaltmak meselesine, ulag çykdajylary bilen bagly meselelere seredildi.
Şeýle hem duşuşygyň gün tertibine iki gümrük nokatlarynyň serhet derwezeleriniň arasyndaky ýoluň eýran tarapyndaky bölegini abatlamak teklibi girizildi.