“Türkmengeologiýa” agyz suwy ýataklaryny gözlemek boýunça barlag işlerini geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengeologiýa” agyz suwy ýataklaryny gözlemek boýunça barlag işlerini geçirýär
Bereket etrabynda täze suw howdanynyň açylyş dabarasy, 2021-nji ýylyň 11-nji awgusty, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň sebitleriniň çäklerinde agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça gidrogeologik barlag işlerini geçirýärler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi we bu ugurda işleri ylmy esasda alyp barmagyň ähmiýetine üns çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bu meselede netijeli işleri geçirmelidigini aýdyp, zerur bolan halatynda, korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.

2022