Türkmen telekeçileriniň “ExpoIran” halkara sergisine gatnaşmagy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileriniň “ExpoIran” halkara sergisine gatnaşmagy maslahatlaşyldy
Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan.

Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen şu ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hususyýetçileriniň we önüm öndürijileriniň harytlaryny Eýranyň bazarynda mahabatlandyrmak maksady bilen, “ExpoIran” atly halkara sergisine gatnaşmagyň mümkinçilikleri barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň şenbe güni habar bermegine görä, duşuşykda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň we özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparlarynyň mejlislerini yzygiderli geçirmek, serhetýaka welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda çäreleri hem-de türkmen-eýran sergi we ýarmarka çärelerini bilelikde guramak hakynda özara pikir alşyldy.

Geçen ýylyň 17-19-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Iran Prože” ady bilen Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. Bu sergä gurluşyk serişdeleri, tehniki, inžener hyzmatlar, gidroenergetika, energetika, nebitgaz we nebit-himiýa, bilim hem-de söwda ugurlarynda iş alyp barýan eýran kompaniýalarynyň 100-e golaýy gatnaşdy.

2022