Türkmen alabaýy iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alabaýy iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy
Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň “Ak dost” atly türkmen alabaýy. (Surat: Rustam Minnihanowyň sosial ulgamy)

Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýylda Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen “Ak dost” (“Akdus”) atly türkmen alabaýy “Merkezi Aziýa owçarkasy” diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň 15-nji we 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde “Merkezi Aziýa owçarkasy” derejesi boýunça Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji itleriň sylaglanyş dabarasy geçirildi. 

“Ak dost” atly türkmen alabaýy birinji sylaga arassaganlylygy we owadanlygy üçin 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda, ikinji sylaga bolsa 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda düşbüligi, ünslüligi we buýrugy ýerine ýetirmek ukyby üçin mynasyp boldy.

Russiýanyň kinologiýa federasiýasy tarapyndan geçirilen “Merkezi Aziýa owçarkasy” derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.

Russiýanyň kinologiýa federasiýasy 1991-nji ýylda döredilip, kinologiýa guramalarynyň jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar we Russiýanyň iri itşynaslyk birleşigi hasaplanýar.

Russiýanyň kinologiýa federasiýasynyň tohum kitabynda takmynan 5,5 million it, 1 427 kinologiýa kluby, ýurduň ähli sebitinden 22 müň 358 sany it saklanýan desgalar hasaba alnandyr.

2022