Türkmen telekeçileri işewürlik sapary bilen Astana şäherine bararlar

Türkmen telekeçileri işewürlik sapary bilen Astana şäherine bararlar
Gazagystanyň işewürleri bilen türkmen telekeçileriniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 28-nji noýaryndan 2-nji dekabr aralygy, Aşgabat, Türkmenistan. (Surat: “Astana” Diplomatiýa kluby)

“Astana” Diplomatiýa kluby türkmen telekeçileri üçin Gazagystana işewürlik saparyny taýýarlaýar.

Diplomatiýa klubynyň habar bermegine görä, şu ýylyň 19-23-nji fewralynda geçiriljek saparyň çäklerinde Gazagystanyň esasy kompaniýalarynyň, Astananyň maýa goýum we telekeçiligi ösdürmek edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek, şeýle hem Astananyň maýa goýum we senagat kärhanalarynyň işleri bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, bu maksatnama ýörite ykdysady zolagyna we Astananyň halkara maliýe merkezine baryp görmegi öz içine alýar

“Astana” Diplomatiýa klubynyň belleýşi ýaly, işewürlik sapary tejribe alyşmak we işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkin bolan ugurlary öwrenmäge giň mümkinçilikleri üpjün edýär.

Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynda 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň wekilleri bilen türkmen işewürleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Saparyň netijeleri boýunça 3 million ABŞ dollaryna barabar bolan deslapky şertnamalara gol çekildi.

2022