Türkmenistan bilen Gazagystan deslapky şertnamalary baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gazagystan deslapky şertnamalary baglaşdy
Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynda Gazagystanyň wekilleri bilen türkmen işewürleriniň arasynda geçirilen duşuşyk, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynda oktýabr aýynyň başynda Gazagystanyň wekilleri bilen türkmen işewürleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Saparyň netijeleri boýunça 3 million ABŞ dollaryna barabar bolan deslapky şertnamalara gol çekildi.

“inbusiness.kz” neşiriniň habar bermegine görä, Gazagystanyň işewür wekiliýetiniň düzümine ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 30 sany gazak kompaniýalary girdi.

Duşuşygyň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we üstaşyr, logistika, himiýa hem-de oba hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýar.

Işewür wekiliýetiň sapary Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde “Astana” diplomatik kluby tarapyndan gurnaldy.

Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän halkara ulag geçelgesinde möhüm baglanyşyk bolan Türkmenistanyň ulag mümkinçiliginden peýdalanmak gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda gazak tarapy demirýol we deňiz ulaglaryndan peýdalanyp, öz harytlaryny Türkmenistanyň çäginden eksport etmäge gyzyklanma bildirdi.

Hususan-da, Gündogar Aziýa bilen Aýlag ýurtlarynyň arasynda iň gysga ýol bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň ugrunda ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen ýyl bu ugurda Gazagystandan Türkiýä ilkinji konteýner otlusy işe girizildi. Täze logistika çözgüdi 12 günüň dowamynda 6 müň kilometrden gowrak aralygy geçmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, duşuşykda Hazar deňzinde iň ulusy bolan, şeýle hem dürli görnüşli gämilere hyzmat etmek üçin häzirki zaman infrastrukturasy we enjamlary bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaklyga gyzyklanma bildirildi. Türkmen tarapy Gazagystandan daşalýan ýükleriň öz çäginden geçmegi üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny mälim etdi we gazak ýük daşaýjylary üçin birnäçe ýeňillikleri hem-de artykmaçlyklary teklip etdi.

Şeýle hem Gazagystanyň işewür wekiliýetiň agzalary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar we Türkmenistanyň ulag pudagyndaky beýleki desgalara-da baryp gördiler.

2022