Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn saparlary amala aşyrmagy meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn saparlary amala aşyrmagy meýilleşdirýärler
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçisi Akmaljon Kuçkarow metbugat ýygnagyny geçirýär, 2024-nji ýylyň 5-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary 2024-nji ýylda ikitaraplaýyn saparlary amala aşyrmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçisi Akmaljon Kuçkarow habar berdi.

Özbegistanyň “UzDaily” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Akmaljon Kuçkarow ýakyn wagtda amala aşyryljak saparlaryň jikme-jiklikleriniň, şol sanda wagty we ýeri barada diplomatik ýollar arkaly ylalaşylýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem özbek ilçisi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdarynyň 2017-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli aralykda bäş esse artyp, 2023-nji ýylda 1,09 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini aýtdy.

Ilçi Akmaljon Kuçkarow 2023-nji ýylda Özbegistana 2 milliard kub metr möçberinde türkmen gazyny ibermek baradaky Ylalaşygy goşmak bilen ýurtlaryň arasynda tebigy gaz we elektrik energiýa söwdasynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini nygtady.

Mundan başga-da, ilçi türkmen we özbek halkyny iki ýurduň senagat we önümçilik mümkinçiligi bilen tanyşdyrmak maksady bilen şu ýyl Daşkentde we Aşgabatda “Özbegistanda öndürilen” we “Türkmenistanda öndürilen” sergileriniň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022