2023: “Serdar” pagta egriji fabrigi 1378 tonna ýüplük öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: “Serdar” pagta egriji fabrigi 1378 tonna ýüplük öndürdi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergi, 2023-nji ýylyň 17-23-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabriginde 2023-nji ýylda 1 müň 378 tonna ýüplük öndürildi. Bu barada “Daşoguz habarlary” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem hasabat döwründe bu ýerde 518 tonna mebel pamygy, 340 tonna arassalanan pagta galyndysy öndürildi. Şeýlelikde bu kärhanada geçen ýyl 33 million manatlyga golaý önüm taýýar edildi.

Häzirki wagtda fabrikde önümçilik bölümleriniň 3-si hereket edip, olarda işçi-hünärmenleriň 180-den gowragy zähmet çekýär.

Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabrigi Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda dokma senagaty pudagynyň düzüminde ilkinji gurlan pagta egriji kärhanalaryň biri bolup, bu kärhana indi ençeme ýyllardan bäri pagta süýümini gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli önümleriň birnäçe görnüşlerini öndürýär.

2022