Aşgabatda TSTB-niň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda TSTB-niň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçiriler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi , 2023-nji ýylyň 17-23-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçiriler. Bu barada TSTB habar berdi.

TSTB-niň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergide Türkmenistanyň senagat ulgamynda, obasenagat toplumynda, himiýa önümçiliginde, söwda hem-de hyzmatlar pudagynda, milli senetçilikde, haly önümçiliginde iş alyp barýan kärhanalaryň önümleri görkeziler.

Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurda iş alyp barýan agzalary öz önümlerini hem-de geçen döwürde gazanan üstünliklerini sergä gatnaşyjylara hödürlärler.

Sergä gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar giňişleýin maglumatlar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýüz tutup bilerler.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki wagtda Türkmenistanyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär. 

2022