Türkmenbaşy-Amirabad portlarynyň arasynda gämi gatnawyny gaýtadan dikeltmek meselesi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy-Amirabad portlarynyň arasynda gämi gatnawyny gaýtadan dikeltmek meselesi maslahatlaşyldy
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleriniň Eýranyň resmileri bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 14-nji fewraly, Amirabad, Eýran.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri çarşenbe güni Eýranyň Amirabad portunyň ýörite ykdysady zolagynda Eýran Yslam Respublikasynyň resmileri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenbaşy we Amirabad portlarynyň arasynda gämi gatnawyny gaýtadan dikeltmegi we fider gatnawyny ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýetini Eýranyň Daşary işler ministrliginiň, Mazendaranyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem Eýranyň Portlar we deňiz guramasynyň, Mazendaran Erkin Zolagyň wekilleri garşy aldylar. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi anna güni habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar halkara söwda pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we halkara ulag geçelgelerinde iki portuň tutýan ornuny ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Eýran tarapy öz gezeginde “Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Amirabad Porty Ýörite Ykdysady Zolagynyň arasynda doganlyk deňiz portlary hakynda Ylalaşyga” ýakyn wagtda gol çekmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Häzirki wagtda Amirabad porty Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän uly portlaryň biri bolup durýar. Amirbad porty 15 sany gämi duralgasyna we köp sanly siloslara eýe bolup, onuň ýyllyk geçirijilik kuwwaty 7,5 million tonna barabardyr. Şeýle hem portda müşderileri özüne çekýän agaç (MDF) önümçiligini, armatur öndürmek boýunça amallary ýerine ýetirýän kärhanalar hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022