Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni owgan wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi owgan tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, ýurduň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisiniň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyga “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy.
Alhaj Nuruddin Azizi Türkmenistanyň halkara derejedäki çäreleri geçirmekde baý tejribe toplandygyny we özleriniň goňşy ýurduň tejribesini öwrenmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlary boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny belledi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň we demir ýol ulgamlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň milli lideri öňe sürlen teklipleriň öwreniljekdigini belläp, Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän owgan harytlarynyň sergisi 4-nji martda öz işine başlady we 6-njy marta çenli dowam eder.