Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik maslahaty, owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady

Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik maslahaty, owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady
Owgan harytlarynyň sergisi, 2024-nji ýylyň 4-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda duşenbe güni türkmen-owgan işewürlik maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady.

Serginiň açylyş dabarasyna türkmen hökümediniň agzalary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen telekeçileri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide Owganystana wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçiliklerini açyp görkezýärler.

Serginiň çäklerinde geçirilýän türkmen-owgan işewürler maslahatynyň dowamynda iki ýurduň işewürleri özara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjek gepleşikleri geçirýärler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy türkmen-owgan işewürlik maslahatynyň we owgan harytlarynyň sergisiniň çäklerinde bu ýerde göçme birža söwdalaryny geçirýär.

2022