Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Begenç Orazowyň “Täze Aý” haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanasynyň täze önümçilik toplumy, ýagny mal soýulýan gassaphanasy we et önümleri kärhanasy işe girizildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan" teleradioýaýlymynyň halkara habarlar bölüminiň žurnalisti Çary Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren habaryna görä, täze kärhanada ýokary hilli et, şöhlat we ýarym taýýar önümleri öndürmek üçin gara mallaryň we dowarlaryň eti taýýarlanylýar hem-de aýry-aýry böleklere bölünip, halka hödürlenilýär.
Işe girizilen täze kärhana bir gije-gündiziň dowamynda gara mallaryň 500, dowarlaryň bolsa 1000 başyny soýup, halallamaga mümkinçilik berýär.
Bu ýerde Ýewropa ýurtlarynyň we Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyryldy we işleriň agramly bölegi sanly ulgam arkaly, awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar.
“Täze kärhanada diňe bir “Täze Aý” haryt nyşanly et, şöhlat we ýarym taýýar önümleri öndürmek üçin däl, eýsem, jemgyýetçilik iýmitiniň kärhanalarynyň, restoranlaryň, kafeleriň, şeýle-de ildeşlerimiziň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli et önümleri taýýarlanylýar” diýip, telekeçi Begenç Orazow gürrüň berýär.
Şeýle hem Begenç Orazow soýulan mallaryň galyndylaryndan proteine baý bolan balykçylyk hojalyklary üçin niýetlenilen balyk iýmini öndürmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Döwrebap önümçilik kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, täze iş orunlarynyň 100-den gowragy döredildi. Geljekde bu ýerde goşmaça iş orunlarynyň ýene 50-sini döretmek meýilleşdirilýär.