Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 88,4 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 88,4 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankyň diwarlygy, 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2024-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 429,12 million manada ýetdi. 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 88 milliard 747,55 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2024-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 54 milliard 290 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna bu görnüşli karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 57 milliard 735 million manada deň boldy.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 12 milliard 359 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 11 milliard 953 million manada ýetdi.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 21 milliard 780 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 19 milliard 60 million manada deň boldy.

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 973 million 153,46 manatdan geçdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022