Ýanwar: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 973,1 million manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 973,1 million manatdan geçdi
Raýatyň bank kartyny bankomata salýan pursady

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 973 million 153,46 manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

Şu ýylyň ýanwar aýynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 832 million 925 müň 36 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 107 million 146,8 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 1 million 58,6 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 27 million 336,7 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 164,7 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 4 million 521,33 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022