Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
FRESKON 2023 halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 23-25-nji apreli, Saloniki şäheri, Gresiýa (Surat: FRESKON)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde geçiriljek FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Miweleriň we gök önümleriň iň uly sergisi TIF HELEXPO tarapyndan gurnalyp, ol şu ýylyň 11-13-nji apreli aralygynda Saloniki şäherinde ýerleşýän Halkara sergi merkezinde geçiriler. Bu barada TSTB duşenbe güni habar berdi.

Serginiň dowamynda dürli görnüşli miweler we gök önümler, organiki önümler, gaplama we standartlaşdyrma üçin niýetlenilen enjamlar we materiallar, ulag we logistika kompaniýalaryň hödürleýän hyzmatlary, hil gözegçiligi boýunça barlaghanalaryň işleri görkeziler.

Şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Hytaýyň Guançžou şäherinde geçiriljek 135-nji “Canton Fair” Halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022