"Arsenal" kompaniýasy türkmen öndürijilerine Russiýa pomidor eksportyny guramakda hyzmatlaryny hödürleýär

BT
"Arsenal" kompaniýasy türkmen öndürijilerine Russiýa pomidor eksportyny guramakda hyzmatlaryny hödürleýär
“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda pomidor hasyly ýygnalýar

"Arsenal" jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti türkmen öndürijilerine we telekeçilerine pomidorlary hem-de beýleki miwe-gök önümlerini Russiýanyň bazaryna ibermek boýunça gümrük resmileşdirmesi, hukuk taýdan goldaw bermek we önümleriň iberilmegini guramak hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýle hem kompaniýa Russiýaly hyzmatdaşlar bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär.

Kompaniýanyň wekilleriniň habar bermegine görä, "Arsenal" kompaniýasy gümrük hyzmatlary ulgamynda bäş ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar we Türkmenistanyň telekeçileri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýanyň iş ugurlarynyň biri hem eksport-import amallaryny, şol sanda oba hojalyk önümleri iberilende "Rosselhoznadzor" gullugynyň talaplary we fitosanitar gözegçiligi bilen bagly meseleleri hukuk taýdan goldamakdan ybaratdyr. Şeýle hem kompaniýanyň hünärmenleri import önümleriniň iberilmegine garşy çäklendiriji çäreleriň ulanylmagy bilen bagly meseleler çözülende hem hukuk goldawyny berýärler.

Kompaniýanyň hyzmatlarynyň hataryna oba hojalyk önümlerini gümrük taýdan resmileşdirmek, taraplaryň arasyndaky bank hasaplaşyklaryny utgaşdyrmak, hukuk goldawyny bermek, şeýle hem Russiýanyň söwda torlaryna we lomaý alyjylaryna önüm ibermegi guramaga ýardam bermek hem girýär. "Arsenal" kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, kompaniýa pomidorlaryň we beýleki miwe-gök önümleriniň Russiýanyň islendik sebitine iberilmegini hem utgaşdyrýar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, ol eksport amallarynyň ähli tapgyrlaryny, ýagny gümrük resmileşdirmesinden başlap, Russiýaly alyjylar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çenli işleri toplumlaýyn alyp barýar.

"Arsenal" kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin: 

Elektron poçta: yus_artyk@mail.ru

Telefon belgileri:

+7 996 996 61 90

+993 6327 8333

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022