Endo Toşiaki Türkmenistanyň Prezidentini “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Endo Toşiaki Türkmenistanyň Prezidentini “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakiniň arasynda geirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 14-nji maýy, Aşgabat Türkmenistan

Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň geljek ýyl Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi we şu maksat bilen, ýörite guramaçylyk toparyň döredilendigi we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Türkmenistan Prezidenti Ýaponiýanyň ösüşinde we bütindünýä sergileriniň taryhynda möhüm waka boljak “EKSPO-2025-iň” üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Şeýle hem Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammitiň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy döwletara hyzmatdaşlygyň özara hoşmeýilli erk esasynda ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

2022