“MNG Airlines” Türkmenbaşy howa menziliniň üsti bilen Gazagystana ýük ugratdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“MNG Airlines” Türkmenbaşy howa menziliniň üsti bilen Gazagystana ýük ugratdy
"MNG Airlines" ýük awiakompaniýasynyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde, 2024-nji ýylyň 14-nji maýy, Balkan welaýaty, Türkmenistan

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (TULM) gurnamagynda 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkiýäniň “MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş” (MNG Airlines) ýük awiakompaniýasy tarapyndan Türkmenbaşy Halkara howa menziline getirilen ýük Gazagystana ugradyldy.

Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde “MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş.” kompaniýasynyň uçary arkaly Stambul şäherinden getirilen ýükler awtoulaglara geçirip multimodal görnüşde Gazagystanyň Aktobe şäherine ugradyldy. Bu barada TULM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu gatnawyň dowamynda diňe bir üstaşyr täjirçilik gonuş amala aşyrylman, eýsem bu ýerde awiaýangyç guýmak hyzmatlary hem ýerine ýetirildi.

TULM CASCA+, Türkmenistan – Ýewropa we yzyna ugurlary boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen gatnawlar üçin aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär. Aýratyn ýeňillikli nyrhlar 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär.

2022