Belgiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistana gelerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Belgiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistana gelerler
Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Belgiýanyň DIM-niň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda Brýusselde geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuny

Belgiýanyň kompaniýalarynyň wekilleri infrastruktura we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşikleri geçirmek maksady bilen Türkmenistana gelerler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni habar berdi.

Belgiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana sapary Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda Brýusselde geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. 

Şeýle hem ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýasy ugurlardaky hyzmatdaşlyga garaldy.

Ahmet Gurbanow we Gislen D’Hup iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny taraplar üçin oňaýly wagtda geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary we Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

2022