Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gaz üpjünçiliginde öňdebaryjylygy eýeleýär. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Hytaý şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda umumy bahasy 4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen gazyny import etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça uzaýan üç sany gaz geçirijisi arkaly Türkmenistan öz ýangyjyny Hytaýa eksport edýär. Turba geçiriji ulgamy ýylda 55 milliard kubmetr gaz daşamaga mümkinçilik berýär.
Hytaý şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda jemi bahasy 2,4 milliard ABŞ dollaryna deň bolan türkmen tebigy gazyny import edipdi.